Aşgabat şäherinde türkmen milli göreşi we alyş göreşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşlarda welaýatymyzyň ýaşlary üstünlikli çykyş edip, toparlaýyn birinjiligi gazandylar. 2006 — 2010-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasynda guralan tutluşyklara welaýatymyzdan pälwanlaryň 15-e golaýy gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler.
Agram derejeleriniň 9-sy boýunça geçirilen tutluşyklarda Türkmenabat şäherinden Aýnur Begenjowa we Serdar Taganow, Saýat etrabyndan Käkilik Mekanowa, Batyr Hemraýew we Pälwan Akmyradow öz agram derejelerinde birinjiligi gazandylar. Şeýle hem Roza Arslanowa, Maýa Italmazowa, Eziz Borjakow, Sylap Baýramow dagy hem baýrakly orunlary eýelediler.