Welosiped sürmegiň peýdasy

9 Aprel 2024
749

Ýurdumyzda giňden bellenilen Bütindünýä saglyk güni dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çärelerine utgaşdy. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi uly ähmiýete eýe boldy.

Sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek sagdynlygyň gözbaşydyr. Açyk howada welosipedli gezelençler etmek ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Welosiped sürmek bedeniňi gurplandyrýar, nerw ulgamynyň dartgynlylygyndan saplaýar. Artykmaç agramyny aýyrmak isleýänlere hem günüň dowamynda degişli wagt çägini welosiped sürmäge bagyş etmek maslahat berilýär.

Ýazmuhammet ORAZBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň mugallymy.