Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýat merkezinde guralan dabaraly çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat häkimliginiň meýilnamasyna laýyklykda bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda, iri edara-kärhanalarda sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna, bedenterbiýe maşklaryna giň orun berildi. Bahar paslynyň ir säherinde edara-kärhanalarda sport maşklarynyň ýerine ýetirilmegi köpçülikleýin häsiýete eýe boldy
Baýramçylygyň esasy çäresine — Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan badalga alan köpçülikleýin welosipedli ýörişe welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýörişiň geçýän ugrunda medeni çäreler giň gerimde ýaýbaňlanyp, belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly çykyşlar ýörişe gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da belende göterdi. Ýolugra ýaş türgenleriň görkezme çykyşlaryna hem tomaşa eden ýörişe gatnaşyjylar halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.