Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

8 Aprel 2024
243

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar, taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Degişli düzümler döwrebaplaşdyrylyp, ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk, sport maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe we sport saglygy berkitmegiň, beden hem ruhy taýdan öz-özüňi kämilleşdirmegiň ýoludyr. Hormatly Prezidentimiziň şeýle sport çärelerine gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.