Boksçy Maýk Taýsonyň gulak şekilindäki süýjüleri Nýu-Ýorkdaky dükanlarda satylyp başlandy. Bu barada «New York Post» habar berýär.
Marmeladyň şekili öňki boksçynyň 1997-nji ýylda Ewander Holifild bilen bolan söweşini ýada salýar, şonda Taýson garşydaşynyň gulagynyň bir bölegini dişlänligi üçin diskwalifikasiýa edilipdi.