Ýurdumyzda täze tokaý-seýilgäh zolaklary döredilýär

7 Aprel 2024
877

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologik nukdaýnazardan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir.

Iň gadymy döwürlerde-de adamlar dogduk ülkesini gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek üçin suwaryş ulgamlaryny döredip, dürli görnüşli baglary ýetişdiripdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän mümkinçilikleriň we öňdebaryjy usullaryň netijesinde bu işler netijeli häsiýetde ýerine ýetirilýär. Bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň möçberini nazarda tutup hem-de ýokary hilli nahallara barha artýan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda olary ýetişdirmegiň öňdebaryjy täze usullary ornaşdyrylýar. Ýaşyl tokaý zolaklarynyň kemala getirilmeginiň öňdebaryjy suw tygşytlaýjy oba hojalyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen utgaşyklylykda alnyp barylmagy hem möhüm ähmiýete eýedir.

Aýşat Amannepesowa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň biologiýa fakultetiniň botanika kafedrasynyň mugallymy.