Ýurdumyzyň asudalygy üpjün edilýär

7 Aprel 2024
376

3-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

«Mugallymlar gazeti».