«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024
Mukaddes Garaşsyzlygymyz milli gymmatlyklarymyzy, şeýle-de milli taryhymyzy asyl durkunda doly öwrenmegimizi gaýtaryp berdi. Ibn Sina Ürgenç (häzirki Köneürgenç) şasy Aly ben Mamunyň köşgüniň ýanyndaky ylym öýünde özi ýaly dana alymlar, lukmanlar bilen bilelikde ylym bilen meşgullanýar. Gujur-gaýratynyň joş urýan wagty tanymal alymlar, akyldarlar, lukmanlar bilen gatnaşykda bolmagy Ibn Sina okgunly öňe gitmäge ýardam edýär.