Her bir adam öz agyz boşlugyna hem-de dişlerine esewan bolmalydyr. Çünki bu beden gigiýenasy üçin iň esasy zatlaryň biridir. Kesellän dişler wagtynda bejerilmese, adam bedeniniň içki agzalarynyň kesellemegine-de sebäp bolýar.
Dişiň bir bölegi aýrylyp, düýbünde kiçijik bölejik galan ýagdaýynda dişagyrydan ejir çekýän adam iýmiti çeýnemän ýuwudýar. Bu bolsa adamyň iýmit siňdiriji agzasy bolan aşgazana agram salýar. Adamyň içki agzalarynyň kesellemegine zaýalanan dişde saklanýan mikroblar hem sebäp bolup biler. Şeýle ýagdaýlaryň bolmazlygy üçin ilki bilen kadaly ýaşaýyş-durmuşy berjaý etmek, dogry iýmitlenmek, bedeni taplamak zerurdyr.