Saglykdan özge bagt bolmaz

5 Aprel 2024
918

Garaşsyz Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, ynsan saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň ýurdumyzda hem uly şatlyk-şowhun bilen bellenilmegi ösüşleriň täze belentlikleriniň sakasynda duran sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny aýdyň görkezýär. Bu sene parahatçylygy, dostlugy, sporty hem-de ynsanperwerligi rowaçlandyrýan, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkidýän şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sport baýramçylygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bütindünýä saglyk gününiň köpçülikleýin welosipedli ýörişler bilen utgaşdyrylmagy, sport bäsleşikleriniň geçirilmegi ýaly çäreleriň guralmagy il-günüň sagdynlygy, bagtyýarlygy ugrundaky edilýän aladalardan gözbaş alýar. Çünki sport we bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgelerini öz içine alyp, halkyň sagdyn pikirli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagyna getirýär.

Gurban KARANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň göz keselleri kafedrasynyň professory.