Germaniýanyň çempionatynda sanawyň ýeňlişsiz lideri «Baýer» bu derejesini soňky minutlarda hem bolsa goramagy başardy. Öz meýdançasynda «Hoffenhaýmy» kabul eden «Baýer» topary 33-nji minutda Maksimillian Baýeriň goluna alaç tapyp bilmedi. Ýer eýelerine bu gola jogap bermek ýeňil düşmedi. 88-nji minutda Andrih bilen hasaby deňlän lewerkuzenlilere ýene-de Patrik Şik 90+1-nji minutda geçiren goly bilen ýeňiş getirdi. Şunlukda, «Baýeriň» ýeňilmezekligi 39 oýna çykdy. Tapgyryň iň esasy oýnunda, «Der Klassiker» duşuşygynda «Bawariýa» öz meýdançasynda «Borussiýa Dortmunddan» 2–0 hasabynda utuldy. 5 ýyldan soň garşydaşyny ilkinji gezek ýeňen dortmundlylaryň gollaryny Adeýemi bilen Rýuerson geçirdi. «Borussiýa» topary «Bawariýany» 10 ýyldan soň ilkinji gezek myhmançylykda ýeňip, umumylykda 11 duşuşykdan soň ýeňlişe sezewar etdi. Bu ýeňlişden soň «Baýer» «Bawariýadan» 13 utuk öňe saýlanyp, galan 7 oýnuň 3-sinde gazanyljak ýeňiş olara taryhyndaky ilkinji çempionlygyny baýram etdirer. Öz meýdançasynda «Haýdenhaým» bilen duşuşan «Ştutgart» 2–0 öňe geçse-de, myhmanlar 85-nji minutda hasaby 3–2-ä ýetirdiler. Ýöne 90+8-nji minutda Deniz Undawyň geçiren golundan soň «Ştutgart» ýeňlişden halas boldy.