Derman haçan kömek edýär?

5 Aprel 2024
959

Syrkawlaryň birine oňyn täsir eden haýsydyr bir dermanyň beýleki birine peýdasy degmeýän halatlary duş gelýär. Munuň ilkinji we esasy sebäbi näsagyň lukman bilen däl-de, «peýdalydygyna hut özi göz ýetiren» başga bir syrkaw bilen maslahatlaşyp, öz-özüne «bejeriş bellemegi» bilen baglanyşyklydyr. Islendik bir derman ony kabul etmegiň düzgünleri berjaý edilende kömek edýär. Habarçymyz bu düzgünler hem-de olaryň bejerginiň netijesine täsiri barada gürrüň bermegi Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýüniň baş lukmanyň orunbasary Mähri Çaryýewadan haýyş etdi.

— Ilki bilen diňe lukmanyň degişli barlaglaryň netijesinde bellän dermanlaryny kabul etmegiň keseli bejermekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellemeli. Doly we dogry berjaý edilende näsagyň saglygynyň dikelmegine uly täsir edýän başga-da köp sanly düzgünler bardyr.