Madda çalşygy bozulan bolsa...

5 Aprel 2024
798

Bedeniň ýaşamak ukybynyň esasynda alyş-çalyş hadysalarynyň (metabolizm) ýatandygy mälimdir. Metabolizm tebigatdaky ähli janly bedenlerde bolup geçýän, maddalaryň we energiýanyň bir görnüşden beýleki bir görnüşe geçmegi bilen häsiýetlendirilýän himiki hadysalaryň jemidir.

Minerallaryň, witaminleriň, gormonlaryň, uglewodlaryň, ýaglaryň, beloklaryň we beýleki maddalaryň, energiýanyň alyş-çalşy, suw-duz, aerob (kislorodly), anaerob (kislorodsyz) çalşygy, öýjüklerdäki (aralyk) metabolizm bardyr. Dem alnanda kislorodyň kabul edilip, kömürturşy gazynyň daşary çykarylmagy, iýmitiň energiýa, suwuň dere öwrülmegi — bularyň hemmesi metabolizmiň mysallarydyr.

Maýa GYLYÇMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.