Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

5 Aprel 2024
712

Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň 22-28-nji apreli aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeliginiň çäginde keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Öňüni alyş sanjymlary immuniteti pugtalandyryp, bedeni kesellere garşy göreşmäge, olaryň öňüni almaga ýardam edýär. Bu çäre ähli dünýä ýurtlarynda saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylandyr. ýurdumyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan Keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň milli tertibine laýyklykda geçirilýär. Öňüni alyş sanjymlary sagdyn çagalarda geçirilýär. Sowuklap asgyrýan, üsgürýän, gyzdyrýan çagalarda ilki sowuklama garşy bejeriş geçirmek hökmany şert bolup durýar. Dowamly keseli anyklanan çagalar hem degişli hünärmenleriň gözegçiliginde bolup, olaryň bellän barlaglaryndan geçýärler. Zerur bolan ýagdaýlarda olar bejeriş alýarlar. Waksinanyň haýsydyr bir görnüşi ilkinji gezek ulanylanda onuň düzüm bölegine allergiýa dörän çagalarda şol waksinanyň nobatdaky tapgyryny geçirmezden öň ýörite derman serişdeleri bilen bejeriş geçirilýär.

«Saglyk».