Duşenbe duşuşygynyň jemleri: 5 resminama

4 Aprel 2024
301

Şu gün Duşenbe şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 5-sine gol çekildi.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlaýyş merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Binagärlik we gurluşyk boýunça komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Geologiýa, seýsmiki durnukly gurluşyk we seýsmologiýa institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Arkadag we Hujand şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Hujand şäheriniň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda Ylalaşyk bar.

«Türkmenistan»
Duşenbe ş.