Milli Liderimiz Ismoil Somonini hatyralady

4 Aprel 2024
258

Şu gün iki günlük resmi sapar bilen Täjigistana gelen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy.

«Dusti» meýdançasynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna gelende, Gahryman Arkadagymyzy Täjigistan Respublikasynyň resmi adamlary garşyladylar. Milli Liderimiz Ismoil Somoniniň keşbini ebedileşdiren ýadygärlige gül dessesini goýup, görnükli döwlet işgäri hem-de Samany döwletini esaslandyryjy milli gahrymany hatyralady.

«Türkmenistan»
Duşenbe ş.