Ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine

3 Aprel 2024
237

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.