Ýurdumyz — sagdynlygyň mekany

3 Aprel 2024
736

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentliklerine tarap badalga alan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, maksada okgunly, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky işlere aýratyn üns berilýär. Şol işleriň üstünliklere beslenmeginiň netijesinde eziz Diýarymyz sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Häzirki ajaýyp zamanamyz ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda bolup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň döwri bolup dabaralanýar.

Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň migrasiýa gullugynyň işgärleri hem sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize mäkäm ornaşdyrmak, raýatlaryň arasynda sporta bolan höwesi artdyrmak boýunça birnäçe işleri alyp barýarlar. Geçirilýän wagyz-ündew çärelerinde edilýän çykyşlar ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge, olary sagdyn bedenli, ruhubelent bolmaga çagyryş bolup ýaňlanýar.

Bägül Dawlyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.