Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly başyny başlan beýik işleri hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek, keselleriň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny ygtybarly goramak we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça asylly başlangyçlara badalga berýär.
Ynsan saglygyny goramagyň esasy şertleriniň biri-de ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta giňden çekmekdir. Bu ugurda alnyp barylýan işler adamlaryň saglygyny berkitmekde, hususan-da, beden taýdan sagdyn hem ruhubelent nesilleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatyň ähli gatlagy bedenterbiýä we sporta giňden çekilip, sagdyn durmuş kadalary işjeň wagyz edilýär. Şäherlerde, şäherçelerde we obalarda döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport desgalary, stadionlar hereket edip, raýatlar bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiz sport mekdeplerinde tälim alyp, bedenlerini taplaýarlar. Ilatyň ýaşaýan we köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde, kärhanalarda, edaralarda dürli ýaryşlar yzygiderli guralyp durulýar.