Çeşme-çaýlar dolup akýar

3 Aprel 2024
906

Gojaman Köýtendagda bahar pasly hökmürowanlyk edýär. Şahandaz paslyň ýyly demi ähli barlyga özüniň jadylaýjy täsirini ýetirýär. Ot-çöpler gülläp, ýaprak çykaryp, dagyň gözelligine gözellik goşýar. Baglaryň şahalarynda bolsa dürli guşlar owaz edip, ülkämizde ýene bir täzeleniş döwrüniň başlanýandygyny äleme jar edýär.

— Üstümizdäki ýylyň gyşy öňki ýyllar bilen deňeşdirilende aşa ygally geldi. Bu ýagdaý bizi örän guwandyrýar. Sebäbi dagyň we dag eteginiň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň abadançylygy köp derejede tebigatyň bu ýagdaýyna bagly bolup durýar— diýip, Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri Näzik Öwezowa kanagatlanma bilen gürrüň berýär.

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz.