Eger-de kyn ýuwdunýan bolsaňyz…

2 Aprel 2024
737

Her bir ynsan wagtly-wagtynda peýdaly ýokumlardan iýmitlenip durmaly. Çünki iýmit adam bedeni üçin energiýa çeşmesi. Ýöne haçan-da saçak başyna geçip, tagamdan datjak wagtyň ýokumyň ötükden geçmesi kynlaşsa, şol ýerde bir näsazlygyň bardygy. Lukmançylykda kyn ýuwdunmaklyga disfagiýa diýilýär. Bu keseliň ýüze çykmagynyň birnäçe sebäpleri bolup bilýär. Disfagiýa sataşan hassany bejermezden ozal, ilkinji nobatda onuň kyn ýuwdunmagyna nämäniň sebäp bolýandygyny takyk anyklamak wajypdyr.

Disfagiýa sataşan adamlaryň käsi gaty naharlary ýuwutmakda kösenýän bolsalar, käbiri suwuklyk içende, käbirleri bolsa asla ýuwdunmakda kynçylyk çekýärler. Şeýle derdiň ýüze çykmagyna nämeler sebäp bolup biler? Kyn ýuwdunmak derdine her bir adam sataşyp biler. Ýöne bu derde köplenç bäbejikler bilen gartaşan adamlar sataşýar. Ilkinji nobatda bokurdagyň galmagy, kyn ýuwdunmagyň sebäbi bolup biler. Şeýle hem bu derde gyzylödekde näsazlyklaryň ýüze çykmagy hem getirip bilýär. Insult geçiren adamlarda disfagiýa alamatlary köp duş gelýär.

Ýolly REJEBOW,
Ahal welaýatynyň ýöriteleşdirilen inçekesel hassahanasynyň lukmany.