«Saglyk — başyň tylla täji» diýýän halkymyz ýaşaýyş döräni bäri saglyk hakynda alada edip gelipdir. Saglygyň baş baýlykdygyny ata-babalarymyz akyllaryň, nakyllaryň üsti bilen nesillere ýetiripdirler. Dünýäniň akyldary Magtymguly atamyz hem saglyk hakynda gyzyla gaplaýmaly ajaýyp setirleri adamlaryň aňyna guýupdyr. Şahyr:
Saglygyň gadryny bilgil,
hassa bolmasdan burun,
Hassalyk şükrüni kylgyl,
täki ölmesden burun