Sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar

2 Aprel 2024
812

Pähimdar pederlerimiz ir döwürlerde hem sagdyn durmuş ýörelgesine uly üns beripdirler. Bu babatda halkymyzyň arasynda mäkäm orun alan sport oýunlaryny görkezmek bolar. Şeýle milli oýunlaryň hatarynda at çapmak, göreş tutmak ýaly görnüşleri görkezmek bolar. Bu oýunlar ir döwürlerden hem toý-baýramlaryň bezegi bolupdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde hem sport toýlaryň bezegi, dabaralaryň öwüşgini bolup durýar.

Ynha, 7-nji aprelde belleniljek Bütindünýä saglyk gününde hem sport oýunlaryna aýratyn üns berler. Häzirki döwürde bu baýramçylyk jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde hem-de ösdürmekde, saglygy goraýyş we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda täze mazmunly ýörelgeler bilen rowaçlanýar. Şu mynasybetli häzirki günlerde dürli çäreler işjeň alnyp barylýar. Aprel aýynyň 1-ine institutymyzda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň guramagynda «Sagdynlyk we ruhubelentlik — döwrüň şygary, äleme nusgadyr dana Pyragy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şeýle hem şol gün ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport,– sportda innowasiýalar» atly sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlara badalga berildi. Bu bäsleşikler aprel aýynyň 6-synda tamamlanar we ýeňijiler mälim ediler.

Mährijemal MOMMYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.