Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi

2 Aprel 2024
245

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 61-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmekde hemişe işjeň orny eýeleýändigini bellediler. Nygtalşy ýaly, Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmeginde möhüm orny eýeledi we bu ugurdaky işler halkara hukugynyň çäginde ähli hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.