Şu ýylyň 9 ― 15-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanda «Amul ― Hazar 2024» halkara ralli-reýdini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde teklip berildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda geçirilen iri halkara ýaryşlaryň tejribesinden ugur alyp, bu halkara ýaryşy ýurtda geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 21-nji martda çykaran Karary bilen «Amul ― Hazar 2024» halkara awtoralli ýaryşyny geçirmek baradaky Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.