Beren el — bereketli

1 Aprel 2024
1163

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky: «Ýaşyryn sadakalaryň sogaby açyk-äşgär berilýän sadakalardan ýüz-müň esse haýyrly hasaplanylýar» diýen jümläni okanyňda, geçmiş taryhymyzdaky «bergiler depderi» we «sadaka daşlary» bilen baglanyşykly maglumatlar biygtyýar ýadyňa düşýär. Şoňa görä, ýaşyryn sadaka bermek bilen baglanyşykly Osmanly türkmen döwletiniň medeni durmuşyna degişli täsin maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.

Osmanly türkmen döwleti 623 ýyl höküm sürüpdir. Şol döwürde bu döwleti Ärtogrul Gazynyň neslinden bolan 36 hökümdar dolandyrypdyr. Osmanly döwleti ylym-bilimde, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, harby ulgamda uly üstünliklere eýe bolmak bilen, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr. Şol wakalar we haýyr-sahawat işleri bilen baglanyşykly köp sanly maglumatlar taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Şolaryň biri-de ýaşyryn sadaka bermek däbidir.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.