Bahar nygmaty

1 Aprel 2024
695

Kömelekden taýýarlanylýan tagamlar ganazlykda we sowuklamada peýdalydyr. Ýöne iýmit siňdiriş ýollarynda, böwrekde, ýürek-damar ulgamynda gowşaklyk bolanda, maddalaryň alyş-çalyş bozulmasynda näsaglara kömelekden bişirilen naharlardan saklanmak maslahat berilýär.

Kömelekler ýaramlylygy boýunça birnäçe topara bölünip, olar iýilýän, şertli iýilýän, zäherli kömeleklerdir. Esasy zat ony saýlamakda ýalňyşmazlykdyr. Kömelek peýdaly maddalara, ylaýta-da, B witaminler toplumyna, D witaminine, şeýle-de demir, sink, kükürt, fosfor, kaliý, kalsiý ýaly mikroelementlere baýdyr. Bular saglygy berkidip, myşsalary belok bilen baýlaşdyrýar, beýnidäki näsazlyklaryň, ganazlygyň öňüni alýar.

Aýna ATAÝEWA,
Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýüniň lukmany.