«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024
Türkmen halkynyň baý medeni mirasy özüniň köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Halk lukmançylygynda halkymyz baý däpleri, özboluşly ýol-ýörelgeleri bilen bilermenleriň ünsüni çekýär. Biziň Diýarymyzda halk içinde lukmanyň ady tutulsa, Gündogaryň beýik lukmany Ibn Sina esaslanylýar. Häzirki Merkezi Aziýanyň çäklerinde ýaşan, okap bilim alan we lukmançylyk amallary bilen at galdyran Abu Aly Ibn Sina alym, filosof hökmünde adamzat ylmynyň ösüşine uly goşant goşan beýik şahsyýetdir.