«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Saglyk ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlyk hasaplanýar. Edil şonuň ýaly saglyk ulgamyna degişli närseler hem gymmatlydyr, has dogrusy saglyk hakyndaky kitaplaram. Çünki olar ynsana saglygyny gorap saklamakda, berkitmekde we dikeltmekde dogry ýollary salgy berýän çelgi bolup hyzmat edýär. Türkmen we dünýä lukmançylyk ulgamynyň wekilleriniň ýankitabyna öwrülen şeýle gymmatly eserleriň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseridir. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösmegine hem döwrebaplaşdyrylmagyna goşýan bimöçber şahsy goşandydyr.