«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Sport — peýdaly we gyzykly güýmenje. Sportuň diýseň kän görnüşleri bolup, olaryň hersiniň öz aýratynlygy bar. Özüm stol tennisi boýunça tälim beremsoň, onuň artykmaçlyklary hakynda dowamly gürrüň edip bilerin. Emma meniň esasy maksadym, ýaşajyk türgenleriň arasynda tapawutlanýanlary hakynda gürrüň etmegi makul bildim. Şeýle türgenleriň biri hem Türkmenbaşy şäherindäki 14-nji orta mekdebiň okuwçysy Muhammet Hydyrowdyr.