Halkara metbugat maslahaty tejribe alyşmak we uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança boldy

29 Mart 2024
480

Ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýän, dünýäniň ähli ýurtlary bilen döredijilikli, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Muňa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahatynyň geçirilmegi aýdyň mysaldyr.

Mahym MUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Nesil».