Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek 1988-nji ýylda goşulan stol tennisi bilen meşgullanýanlaryň sany häzirki wagtda bütin dünýäde 300 milliondan geçýär. Sportuň bu görnüşi boýunça halkara ýaryşlaryny guraýan Halkara Stol tennisi federasiýasy (ITTF) 1926-njy ýylda esaslandyrylyp, şol ýyl stol tennisi boýunça ilkinji dünýä çempionaty geçirilýär. Geçirilen barlaglar sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmagyň adam saglygyna, bedeniň dürli ulgamlarynyň işine oňaýly täsir edýändigini görkezýär.
Bu günki gün stol tennisi biziň ýurdumyzda hem ýaşlaryň köpçülikleýin meşgullanýan sport görnüşleriniň biridir. Türkmenistanyň Stol tennisi federasiýasynyň hereket etmegi bolsa sportuň bu görnüşi boýunça dürli ýaryşlaryň yzygiderli geçirilip durmagyna şert döredýär.