Ýaş­lar spor­ty saý­la­ýar

29 Mart 2024
618

Sag­dyn­ly­gy we ru­hu­be­lent­li­gi ber­ka­rar et­me­giň il­kin­ji şer­ti hök­mün­de spor­ty, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek mö­hüm­dir. Şeý­le bo­lan­soň, sag­dyn dur­mu­şyň ta­rap­da­ry Mil­li Li­de­ri­mi­ziň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Türk­me­nis­tan hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­ka­ny hök­mün­de özü­ni dün­ýä ta­nat­ma­gy ba­şar­dy. Soň­ky ýyl­lar­da türk­men tür­gen­le­ri­niň ga­zan­ýan be­ýik ýe­ňiş­le­ri, gör­kez­ýän ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri mu­ny do­ly tas­syk­la­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da kä­mil tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak, olar­da mak­sa­daok­gun­ly­lyk, iş­jeň­lik, er­jel­lik we ýeň­şe bo­lan ynam­ly­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär.

Bi­ziň zäh­met çek­ýän or­ta mek­de­bi­miz­de hem sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Şeý­le müm­kin­çi­lik­den ne­ti­je­li peý­da­lan­ýan ýaş­lar dür­li ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýär­ler. Go­laý­da Dä­new et­ra­byn­da­ky 5-nji sport mek­de­bin­de 10-11-nji synp okuw­çy­la­ryň ara­syn­da fut­bol bo­ýun­ça et­ra­byň göç­me ku­bo­gy ug­run­da ýa­ryş ge­çi­ril­di. Ony Dä­new et­ra­by­nyň bi­lim bö­lü­mi, et­ra­byň 24-nji or­ta mek­de­bi hem-de TMÝG-niň Dä­new et­rap ge­ňe­şi bi­le­lik­de gu­ra­dy.

Şöh­rat ORA­ZOW,
Dänew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy, halkara derejeli emin.