«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Türgen diýmek Garaşsyz döwletimiziň sport abraýyny dünýä ýaýýan sport hünärmeni diýmekdir. Döwlet we halkara derejeli sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanmak, döwletimiziň mukaddes ýaşyl Tuguny belentde parlatmak üçin sport türgeniniň gündelik hökmany ýerine ýetirmeli, berjaý etmeli düzgün-kadalary bar. Bularyň ählisi «Türgeniň gün tertibi» diýen düşünjede jemlenýär.