Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

29 Mart 2024
234

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň daşary işler ministrini gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, goňşy ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de türkmen we eýran halklarynyň gatnaşyklarynyň asyrlara uzap gidýän taryhy-medeni köklerden gözbaş alýandygyny, olary özara umumylyklaryň birleşdirýändigini kanagatlanma bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz asyrlaryň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryň soňky ýyllarda has-da ösdürilýändigini aýdyp, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga, özara hormat goýmaga esaslanýan ynanyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny nygtady.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.