Türkmen-koreý gatnaşyklary täze belentliklere tarap barýar

28 Mart 2024
135

27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Hoň Hýon Soň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyza Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň we Türkmen-koreý dostluk toparynyň koreý tarapynyň ýolbaşçysynyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.