Milli miras — milletiň mertebesi

27 Mart 2024
399

Eziz Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenip, ýagty geljege sary batly gadamlar bilen barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny mynasyp dowam etdirmek, öwrenmek hem-de Ýer ýüzünde giňden wagyz etmek ugrunda netijeli işler yzygiderli amal edilýär. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli we ynsanperwer gatnaşyklary has giň gerime eýe bolýar. Bu gün milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy diňe bir döwlet däl, eýsem, halkara derejesinde öwrenmekde, täze derejä götermekde ýetilen sepgitleriň we üstünlikli alnyp barylýan işleriň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkara derejeli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň netijeli görkezijisidigini buýsanç bilen bellemek bolar.

Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň baý mirasynyň umumadamzat medeniýetiniň irki we kämil nusgalarydygyny dürli ýyllaryň dowamynda alnyp barlan ylmy-barlag gözlegleri hem tassyklaýar. Bu hakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň «Türkmen medeniýeti» atly gymmatly eserinde: «Älemiň dörän döwründen gözbaş alýan we dünýäniň medeni ösüşiniň sallançagyny üwrän milli mirasymyz halkymyzyň çeper aň we paýhas, akyl we düşünje, pähim we parasat terezisidir» diýip belleýär. Milli medeniýetimiziň naýbaşy nusgalarynyň ençemesiniň ÝUNESKO tarapyndan bütindünýä mirasy hökmünde ykrar edilendigini hem ýatlamak ýakymlydyr. Halkara derejeli medeni hyzmatdaşlyklaryň yzygiderli ösdürilmegi netijesinde ýurdumyzyň çägindäki taryhy ýadygärlikleriň ençemesi ylmy esasda düýpli öwrenildi we şeýle netijeli işler dowam etdirilýär. Medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda ençeme halkara guramalary bilen bir hatarda, TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýete eýedigini hem aýratyn bellemek gerek. Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýyl TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip, gadymy Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Şeýle taryhy çözgütler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda guraljak döwlet we halkara derejeli medeni-köpçülikleýin dabaralaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň hem esasyny düzýär.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».