Bäherden etrabyndaky 28-nji orta mekdepde 14-15 ýaşly okuwçy ýaşlaryň arasynda «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» ady bilen milli mergenlik oýny boýunça ýaryş geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady.
Etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen toparlaryň işjeň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşyň esasy maksady türkmen milli oýunlarynyň terbiýeçilik ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden, ýaş nesliň sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmegini gazanmakdan ybarat boldy. Ýaryş okuwçy ýaşlara mergenlikde ukyp-başarnygyny görkezmäge şert döretdi.