«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň guwandyryjy görkezijilere beslenmegini gazanmak her bir ugurda zähmet çekýän ildeşlerimiziň baş maksady bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, Gökdepe etrabynyň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary hem şanly ýylda tutanýerli zähmet çekýärler. Olar özleri üçin döredilen giň we amatly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, sport mekdebine gatnaýan ýaşlaryň döwrebap derejede türgenleşmegi, sportda taplanmagy hem-de ýokary sepgitleri eýelemegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gurlan Gökdepe etrabynyň sport mekdebi bu gün sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ruhubelent ýaşlarymyzyň söýgüli ýerine öwrüldi. Mekdebimizde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanan ýyllyk iş meýilnamasy esasynda häzirki günlerde degişli işler alnyp barylýar. Ýaş türgenleriň arasynda dürli sport ýaryşlary, wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleri hem geçirilýär we olaryň netijeliligi gazanylýar.