Genetika banky: ylym, ekin we önümçilik

26 Mart 2024
941

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň garamagynda Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk we Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlary döredildi. Bu edaralaryň maksady oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan hem-de olaryň işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmakdan ybaratdyr. Şunda ekinleriň tohum nusgalaryny ylmyň seçgi ugurly barlag işlerinde peýdalanmak we ýokary hasylly sortlary döretmek möhüm wezipe hasaplanýar. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, ekinleriň täze sortlaryny almakdan ozal, olaryň tohum nusgalarynyň goruny döretmegiň, özi-de olaryň ýeterlik möçberde saklanylmagynyň seçgi işiniň has netijeli bolmagyna uly täsiri bar. Häzir dünýäde döredilen genetika banklarynyň 1800-sinde ösümlikleriň 7 milliona golaý tohum nusgasy saklanýar.

Ýurdumyzyň dag-düzlerinde we sähra-çöllük ýerlerinde ösýän dürli ösümlikleriň genetiki nesil toplumynyň ýabany görnüşleriniň, oba hojalyk ekinleriniň sortlarynyň tohum nusgalaryny genetika bankynda saklamak, olary geljek nesillere ýetirmek möhüm wezipe bolup durýar. Bu iş ekinleriň täze hasylly sortlaryny döretmekde, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Türkmen halky azyk önümlerini hil taýdan gowulandyrmak üçin hemişe ekinleriň iň ýokary sortlaryny döredip, ekerançylygyň medeniýetini, daýhançylyk däplerini ussatlyk bilen kämilleşdirip gelipdir. Şolaryň arasynda tebigatyň kyn şertlerine döz gelýän oba hojalyk ekinleriniň sortlarynyň we görnüşleriniň tohum nusgalary hem bar. Gögerijilik ukybyny ýitirmezlik üçin daýhanlar olary ýönekeý usullarda saklap, ýaşaýyş zerurlyklary üçin ulanypdyrlar.

Aşyrmuhammet SAPARMYRADOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty.