Arkadag şäheri: döwrebaplygyň we milliligiň sazlaşygy

25 Mart 2024
424

Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Şoňa görä-de, 23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.

HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ DÖREDILMEGINE ÜÇ ÝYL DOLÝAR

"Nesil".