Sport — sag­dyn­ly­gyň, gö­zel­li­giň çeş­me­si

24 Mart 2024
938

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024

Güýç-gaý­ra­tyň, gö­zel­li­giň, sag­ly­gyň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýan ne­ti­je­li spor­tuň hem-de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da­ky, ber­kit­mek­dä­ki mö­hüm or­nu­ny hiç zat bi­len çal­şyp bol­maz. Mu­nuň özi tu­tuş dün­ýä­de yk­rar edi­len mi­ze­mez ha­ky­kat­dyr. Şun­dan ugur al­nyp, ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň, aý­ra­tyn-da, ýaş ne­sil­le­riň spor­ta bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak­da, ola­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne berk eýer­me­gi­ni ga­zan­mak­da äh­li çä­re­ler gö­rül­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry ar­ka­ly in­di ber­ka­rar ýur­du­myz­da her ýyl­da ge­çi­ril­me­gi asyl­ly ýö­rel­gä öw­rü­len «Türk­me­nis­tan — sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy» at­ly spar­ta­kia­da hem şu­nuň ýa­ly wa­jyp äh­mi­ýet­li sport çä­re­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu spar­ta­kia­da­nyň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri onuň spor­ta hö­wes­li köp­san­ly ra­ýat­la­ry bir ýe­re jem­le­mä­ge, ola­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri ba­bat­da­ky ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny ýü­ze çykar­ma­ga hem-de ös­dür­mä­ge şert­le­ri üp­jün ed­ýän­li­gi­dir. Şol bir wagt­da hem bu spar­ta­kia­da be­den­ter­bi­ýä­ni we olim­pi­ýa he­re­ket­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mek­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär.

Leý­li Döw­le­to­wa,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.