Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Serdar Rahymow Latwiýanyň paýtagty Riga şäherinde ulularyň arasynda dzýudo boýunça geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medal gazandy. 66 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan ildeşimiz bu üstünlige 45 türgeniň arasynda ýetdi.
Türkmenistanly türgen ilkinji tutluşygynda ysraýylly Gaý Gatmany ýeňen bolsa, ikinji tutluşygynda Beýik Britaniýadan Joşua Bellini ýaryşdan çykardy. Soň ispaniýaly Suarez Aetilesden üstün çykyp, çärýek finalda gruziýaly Luka Çoplianini ýeňdi. Ýarym finalda, kynlyk bilen hem bolsa, fransiýaly William Sysigi ýeňen ildeşimiz final tutluşygynda altyn medalyň eýesi Finli Allandan (Beýik Britaniýa) asgyn geldi.