Sapfirin

20 Mart 2024
1442

Sapfirin mawy reňkli çal, ýaşyl ýa-da sary garyndysy goşulan dury däl mineraldyr. Bu mineral on müňlerçe ýyldan gowrak wagt bäri gazylyp alynýar. Sapfirinden ýasalan iň gadymy artefakt miladydan öňki V asyrda döredilipdir. Bu daş ikinji gezek Grenlandiýada tapylýar. Häzirki wagtda Meksika, Braziliýa, Hytaý, Gruziýa, Şwesiýa, Mongoliýa, Hindistan, Ermenistan ýaly ýurtlarda, Krym, Ural ýaly şäherleriň sebitlerinde bu mineralyň ýataklary bar. Köp sanly gazylyp alynýan ýerlere garamazdan, bu mineralyň ýataklary çäkli bolup, gaty seýrek duş gelýär. Daşyň tebigy görnüşiniň ýüzi tekiz däl, büdür-südürdir, şeýle-de ol reňkini üýtgedip biler. Bu mineralyň dup-dury görnüşli nusgalary Madagaskarda gazylyp alynýar. Şonuň üçin-de, madagaskar daşlarynyň gymmaty has ýokarydyr. Sapfirin halsedon daşyna-da çalym edýär, oňa halsedonyň bir görnüşi hem diýýärler. Emma bu nädogrudyr. Himiki we fiziki aýratynlyklary bolan sapfirin düýbünden özbaşdak mineraldyr.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».