Bulary bilmek gyzykly

20 Mart 2024
1580

Süýji agaçda ösýärmi?

Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyň we Koreýanyň tokaýlarynda goweniýa agajy (Hovenia dulcis) — süýji agajy duş gelýär. Goweniýa agajy kruşina maşgalasyna degişli bolup, «süýji agajy» diýen adyny göterýär. Bu agaçda, hakykatdanam, «süýji» ösýär, düzümi 40%-e çenli şeker saklaýan miwe baldaklary (miwäni ýolup alnanda miwede galýan çöpjagazlary) hem örän tagamlydyr. Bu egri miwe baldajyklary şol durşuna iýilýär. Turşuja kişmişiň tagamyny ýatladýan bu ösümlik Hytaýda we Ýaponiýada süýjülik iýmiti hökmünde ulanylýar.

Taýýarlan Sona ŞAMMYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň mugallymy.