Nowruz halklaryň dost-doganlygyny aňladyp, asyrlarboýy dowam edip gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Ajaýyplygyň, gözelligiň nurana baýramy hasaplanýan Nowruz ýurdumyzda halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan halkara baýramlaryň hataryndadyr.
Nowruz ýagşy niýetler bilen ertirki ýagty, nurana günlerden habar berýän baýram. «Nowruz» «täze gün» diýen manyny berýär.