«Nowruz» täze gün diýmegi aňlatmak bilen, onda gyz-gelinler dürli milli tagamlary taýýarlapdyrlar. Läle kakyp, monjugatdy oýnapdyrlar. Şeýle hem «Şaman ody» ýakylyp, oduň üstünden böküpdirler. Ýigitlerimiz bolsa göreş tutup, ýaglyga towsup, at çapyp, baýramçylygy uly şowhun bilen belläpdirler.
Nowruz baýramynda türkmen halkynyň milli tagamy bolan semeni taýýarlanylýar. Ony taýýarlamak üçin arassa guş-gursak bugdaýy ýalpak gaba guýup, ýyly otagda saklamaly, onuň üstüne günde suw sepeläp durmaly. Ol bugdaý şineläp, ýedi günde gök maýsa bolup gögerýär. Soň gögeren maýsany alyp üwemeli. Gyz-gelinler şol gök maýsadan bir çümmük alyp, boýun bagjygyna dakýarlar, çünki ol bagt, rysgal getirýär diýen ynanç bar. Semenini gaýnatmaga ähli goňşular gatnaşýar. Ýedi goňşudan bir okara un getirip, semenä öz goşandyny goşýarlar. Ol, esasan, gyz-gelinler tarapyndan taýýarlanylýar, ýöne semenini dynuwsyz bulamak üçin güýçli gollar gerek bolýar, onuň üçin ýaş oglanlar hem kömekleşýärler. Semeni gaýnadylanda, onuň ody aramlyk bolmaly. Oňa un bilen üwelen maýsanyň süýji suwy goşulýar, ony tokga tutmaz ýaly, kepgir bilen bulap durmaly. Semenä şeker hem duz atylmaýar. Şonuň üçin türkmen halk döredijiligi bolan matallarda: «Duzsuz bişen aş gördüm...» diýip, semenä aýdylmagy ýöne ýerden däl.