Ýokary zähmet joşguny bilen

18 Mart 2024
1016

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda» kabul eden Kararyndan ruhlanan welaýatymyzyň ýaşaýjylary ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna ýokary zähmet joşguny bilen gatnaşdylar. Dabaranyň geçýän ýeri bolan Uly Balkan dagynyň eteginde — Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosasiýasynyň welaýat merkeziniň binasynyň golaýynda bag ekmek üçin bölünip berlen ýerde ak öýler gurnalyp, sergiler giňden ýaýbaňlandyryldy. 

Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren  döwrebap aýdym-sazlary hem-de tans toparlarynyň joşgunly  çykyşlary  bag nahallaryny oturtmak üçin ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Şowhunly ýaňlanan aýdym-sazlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»  ýylynda amala aşyrylýan rowaç işleriň, tebigat gözellikleriniň waspy ýetirildi. 

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».