Bag — dünýäniň bezegi. Hut şonuň üçin hem häzirki wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri döwlet derejesinde ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Bag ekmek döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Ajaýyp tebigy gözelliklere baý Türkmenistan döwletimiziň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ony ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek, geljekki nesillere ýetirmek halkyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde wajyp wezipeleriň biridir. Ýurt Garaşsyzlygyny alanymyzdan soň, sebitde ekologik ýagdaýy ýokarlandyrmak, biodürlüligi baýlaşdyrmak maksady bilen, daşary ýurtlardan saýaly we pürli bezeg agaçlarynyň, gülleriň täze görnüşleriniň tohumlarydyr nahallaryny getirip oturtmak, ýerli howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak işlerine giň gerim berildi.
Hawa, ynsan tebigata näçe ýakyn boldugyça, onuň ruhy dünýäsem şonça giň, şonça alaýaz, şonça-da şadyýan bolýar. Ynsana mahsus tebigylyk has kämil ýüze çykýar. Türkmen tebigatynyň ýylysyny, tylla Günüň mährem çoguny, zemine don bolup ýazylan dermanlyk ösümlikleriň melhem ysyny süňňümize, ruhumyza siňdirýär.