Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň çäginde «Asuda akym» hojalyk jemgyýetine degişli bolan «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglarynyň önümçiligi öz işine başlady.
Awtoulaglar, senagat we oba hojalyk tehnikalary üçin niýetlenilen ýaglaryň ilkibaşda 25 görnüşini öndürmek meýilleşdirildi. Indi önümçiligiň gerimini iki essä çenli artdyrmagy meýilleşdirýärler. «Şir ýag» haryt nyşanly ýaglar dürli ölçegdäki plastik gaplara gaplanylyp, bazarlara ýaýradylýar.